Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Soňky jaň' dabaralarynyň bosagasynda, Türkmenabatda kafe-barlar wagtlaýyn ýapylýar


Illýustrasiýa suraty. Soňky jaň uçurym dabarasyndan bir pursat. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Soňky jaň uçurym dabarasyndan bir pursat. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.

Türkmenistanda her ýyl berk çäklendirmeleriň astynda bellenip geçilýän “Soňky jaň” dabaralarynyň fonunda, Lebap welaýatynyň sebit merkezinde, uçurym ýaşlaryň özbaşdak oturylyşyklarynyň öňüni almak maksady bilen, dynç alyş mekanlary, kafe-barlar 24-27-nji maý aralygynda wagtlaýyn çäklendirilýär.

Polisiýa bölüminiň ýerli edarasy dilden berlen görkezmede degişli gadaganlygy uçurym ýaşlaryň köpçülik bolup, alkogolly içgileri sarp etmekleriniň, olaryň neşe serişdelerinden peýdalanmaklarynyň öňüni almak tagallalary bilen düşündirýär.

“Bu çäklendirmeler mekdebi tamamlaýan okuwçy ýaşlaryň toý-şagalaňda serhoş bolup, bir-birek bilen dawa-jenjel edip, ýa-da başga başly-baratlyklara baş goşup, bulagaýçylyk etmeginiň öňüni almak maksady bilen diýip düşündirilýär” diýip, iş tertibi wagtlaýyn çäklendirlen bir ýerli kafeniň eýesi polisiýa tarapyndan özlerine dilden berlen görkezmä salgylanýar.

'Gadaganlyk ähli kafelere degişli däl'

Ýerli polisiýa edarasyndaky çeşmeler şeýle görkezmeleriň şäherdäki ençeme kafe-barlaryň eýelerine bireýýäm gowşurylandygyny, ýöne şol bir wagtda, bu talabyň ähli kafelere, dynç alyş, güýmenje mekanlaryna degişli edilmändigini aýdýarlar.

“Käbir restoranlar we kafeler özleriniň arkalarynda ýokary derejeli “howandarlaryň” bolmagy sebäpli, öz işlerini dowam etdirýärler” diýip, ýagdaýdan habarly polisiýa işgäri aýdýar.

Ol şäherde kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, prokuratura we polisiýa işgärleriniň howandarlygyndaky güýmenje mekanlarynyň hiç hili päsgelçiliksiz işleýändigini aýdýar.

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň “Soňky jaň” oturylyşyklary ýyllarboýy häkimiýetler tarapyndan çäklendirilýär. Bu gadaganlyklar jemgyýetde tertip-düzgüniň saklanmagy boýunça edilýän aladalar hökmünde düşündirilýär.

Ene-atalar mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň oturylyşyk bellemegine däl, olaryň bu oturylyşyklary gizlin bellemäge mejbury edilmegine nägilelik bildirýärler.

“Näme üçin biziň çagalarymyz, hamala, garakçy ýaly, gizlenip şatlanmaly? Olar özleriniň durmuşda ýeten möhüm sepgidini bellemek isleýärler. Goý, bellesinler! Olar onsuzam diskoteka gurajak bolanok, ýa-da başga bulagaýlyk etjek bolanok, bary-ýogy üýşüp, wagtyhoş ýagdaýda agşamlyk edinmek isleýärler” diýip, ene-atalar aýdýar.

Gadaganlyklara garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy käbir restoranlarda şeýle oturylyşyklaryň barybir geçirilýändigini aýdýar.

'Gadaganlyk ähli uçurymlara degişli däl'

Türkmenabat şäherindäki 41-nji, 28-nji we 39-njy orta mekdeplerden uçurym bolýan ýaşlaryň ençemesi eýýäm käbir restoranlardan stol sargapdyrlar.

3-nji orta mekdebiň okuwçylary hem şeýle üýşmeleňlere taýýarlyk çärelerine badalga berlendigini aýdýarlar.

Ýerli synçylar gadaganlyk syýasatynyň jemgyýetde problemalary has-da çuňlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

“Häkimiýetler öňüni alyş we düşündiriş çärelerini geçirmegiň deregine, basyş ýoluny saýlap alýarlar – bu bolsa, Türkmenistanda ähli ugurlarda bolşy ýaly, jemgyýetiň agzalary ala tutulyp amal edilýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Biraz öň, günbatar Balkan welaýatynda hem ýerli ýaşaýjylar tarapyndan birmeňzeş aladalar dillendirildi, uçurym dabaralary babatynda ‘gadaganlyk ýolunyň’ saýlanyp alynmagynyň, il bähbitli oňyn netijelere getirmeýändigi nygtaldy.

“Eger-de döwletimiz, hakykatdan-da, ýaşlaryň jenaýatçylyga baş goşmagyna, neşe serişdelerini ulanmagyna garşy göreşýän bolsa, munuň üçin, gadaganlyk däl-de, ýaşlar bilen işleşmek, açyk gürrüňdeşlik, hem-de sosial programmalar zerur” diýip, Lebap welaýatynda öň magaryf işi bilen meşgullanan ýerli hünärmen aýtdy.

Ol hem şeýle gadaganlyklaryň jemgyýetiň bir agzasyna girizilip, beýleki agzalaryna girizilmezliginiň adamlarda adalat duýgusyny syndyrýandygyny, şonuň üçin, bu ugurda gadaganlyk ýolunyň saýlanyp alynmaly däldigini aýtdy.

Türkmenistanda şeýle çäklendirmeler tas elmydama diýen ýaly diňe dilden görkezme esasynda girizilýär, bu ugurda hiç hili ýazmaça düzgün kabul edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG