Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury zähmet boýunça 2024-nji ýyl üçin hasabat çap etdiler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Turkmen.news, Adam hukuklary boýunça türkmen inisatiwasy, Progres gaznasy we Cotton Campaign guramasy Türkmenistanda pagta ýygymyndaky mejbury zähmet barada nobatdaky ýyllyk hasabatyny taýýarladylar.

19-njy maýda bu guramalar 2024-nji ýyl boýunça ýagdaýlara syn berýän we hökümete hem-de halkara taraplara niýetlenen teklipleri öz içine alýan hasabaty neşir etdiler.

Turkmen.news neşiriniň bellemeginegörä, hukuk goraýjylar köp ýyllap Türkmenistanda mejbury zähmet ýagdaýlaryny yzarlap, onuň kökünden ýok edilmegi ugrunda iş alyp barýarlar. Ýurduň häkimiýetleri hem bu ugurda käbir ädimleri ätmäge başlady. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde ýol kartasyny işläp düzdi. Emma hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurda ösüş bolsa-da, ol örän çäkli bolup galdy.

Esasy päsgelçiligiň bolsa mejbury zähmete höweslendirmegiň we ony durmuşa geçirmegiň ýerli häkimiýetleriň özi tarapyndan sistemalaýyn görnüşde amala aşyrylýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, hasabatda daşary ýurt hökümetleriniň we kompaniýalarynyň hem ýagdaýlara täsir ýetirýändigi nygtalýar.

XS
SM
MD
LG