ABŞ bilen Eýran Rimde Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň bäşinji tapgyryny geçirýärler. Bu gepleşikleriň ähmiýeti ýokary derejede bolmagynda galýar.
Esasy päsgelçilik, bu Eýranyň urany baýlaşdyrmak mümkinçilikleri bolup, ABŞ bularyň ýarag maksatlary üçin ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, Eýranyň baýlaşdyrma işini doly bes etmegini talap edýär.
Emma Eýran üçin urany baýlaşdyrmak mümkinçiligini saklap galmak prinsipial ähmiýete eýe bolup, ýurduň daşary işler ministri Abbas Arakçi urany baýlaşdyrmagyň “ylalaşyk bilen ýa-da ylalaşyksyz” dowam etdiriljekdigini nygtady.
Arakçi 23-nji maýda Italiýanyň paýtagtyna ugramazdan öň X sosial ulgamynda gepleşigiň netijesiniň ABŞ-nyň urany baýlaşdyrmak boýunça pozisiýasyny ýumşatmagyna bagly boljakdygyny ýazdy.
“Gepleşige ýol açmak raketa ylmy ýaly çylşyrymly däl,” diýip Arakçi ýazdy we “karar kabul etmeli wagt ýetdi” diýdi.
Tramp administrasiýasy Eýranyň urany baýlaşdyrmagyny doly bes etmelidigini öňe sürýär, ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff ýakynda muny “baýlaşdyrma işiniň ýarag önümçiligine ýol açýanlygy sebäpli hökmany şert” diýip atlandyrdy.
Bu garaýşy goldaýan Döwlet sekretary Marko Rubio hem 21-nji maýda Senatyň komitetindäki çykyşynda: “uranyň içerki ýagdaýlarda baýlaşdyrylmagynyň islendik derejesi kabul ederliksizdir, bu göni howp abandyrýar” diýdi.
Gepleşiklerde ABŞ-a wekilçilik edýän Witkoff aprelde Omanyň araçylygy bilen başlanan gepleşiklerden soň öz pozisiýasyny üýtgetdi. Ol bir pursatda Waşingtonyň Eýranyň urany 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndaky kesgitlenen 3.67% derejesinde baýlaşdyrmagyna razy bolup biljekdigini aýtdy. Bu ylalaşygy Tramp birinji prezidentlik döwründe ýatyrypdy.
Gepleşikleri saklamak we ylalaşyga ýetmek üçin öňe sürülýän teklipleriň arasynda Eýran, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleriniň gatnaşmagynda, hatda ABŞ-nyň hem goşulyp biläýjek sebitleýin ýadro konsorsiumyny döretmek ähtimallygy hem bar.
Arakçi şu hepde Eýranyň bu teklibe garşy däldigini, ýöne Eýranyň öz çäginde uran baýlaşdyrmak mümkinçiligini terk etmejekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň aňtaw gullugy bolan Goranmak Aňtaw Agentliginiň şu hepde ýaýradan hasabatynda, Eýranyň “häzirki wagtda ýadro ýaraglaryny öndürmeýändigine meňzeýändigini,” emma “soňky ýyllarda ýarag öndürmäge amatly şertleri döredýän işleriň geçirilendigini” belleýär.
Eýran häzirki wagtda urany ýarag derejesine golaý bolan 60% derejesinde baýlaşdyrýar we ony peseltmäge taýýardygyny, ýöne Tähran reaktory üçin 20%-lik baýlaşdyrylan urana mätäçdigini aýdýar.
Bu aralykda, Ysraýylyň ylalaşyk bolmasa Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmaga taýýarlanýandygy habar berilýär, Arakçi bolsa Eýranyň hüjüm edilen ýagdaýynda “aýratyn çäreleri” görjekdigini duýdurdy.
Forum