Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda zenan sürüjiler ýene gysylýar, awtoulag eýeçiligi boýunça täze ýaş çägine sezewar bolýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Balkanda zenanlaryň ulag dolandyrmagyna girizilýän çäklendirmeler gaýtadan güýçlenýär. Zenan sürüjiler polisiýa tarapyndan ýygy-ýygydan saklanyp, olaryň şahadatnamalary içgin barlanýar. Şeýle-de, çeşmeler bu sebitde aýallaryň ulag eýeçiligine degişli ýaş çäginiň has-da gysgaldylandygyny aýdýarlar.

“Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň Balkan welaýat şahamçasynyň Awtoulaglary hasaba alyş bölümi aýallaryň awtoulag eýeçiligi boýunça ýaş çägini 43 ýaş hökmünde belläp, bu ýaşdan aşakdaky aýallaryň öz adyna awtoulag resmileşdirmegini gadagan edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanýar.

Ýaşaýjylar sebitde aýallaryň ulag eýeçiligine degişli ýaş çäklendirmeleriniň ozal hem bolandygyny, ýöne 40 ýaşyny doldurmadyk zenanlaryň hem öz adyna ulag resmileşdirmegine rugsat berlendigini, häzir bu çägiň ýene-de üç ýyla çenli giňeldilip, 43 ýaşa çenli çykarylandygyny aýdýarlar.

'Sürüjilik kynlaşýar' - zenanlar

Şol bir wagtda, aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almagy hem kynlaşyp başlady:

“Zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagy ýene-de kynlaşyp başlady. Şu aýyň başyndan başlap, hatda 5 müň dollar möçberinde para berýän zenanlara-da şahadatnama berilmeýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Ýogsa, ýylyň başlarynda bu sebitde aýal-gyzlaryň şahadatnama almagynyň biraz gowşadylandygy habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri fewral aýynda 34 ýaşyny dolduran hem-de sürüjilik mekdeplerini üstünlikli tamamlan aýallara şahadatnamalaryň berlip başlanandygyny habar beripdiler.

Has ozal, 2023-nji ýylyň ýylyň güýzünde Balkanabat şäherinde aýal-gyzlaryň sürüjileri taýýarlaýan awtoulag dolandyryş okuw mekdeplerine kabul edilmegi boýunça ýaş çäklendirmesi 41 ýaş hökmünde bellenipdi.

Azatlyk Radiosy ýaş çäklendirmeleri bilen bagly talaplaryň beýleki welaýatlarda birmeňzeş şertlerde ýerine ýetirilip-ýetirilmeýändigini öwrenýär.

Türkmenistanda her welaýat üçin aýry düzgün ýok, bu ýurtda häkimiýet merkezleşdirilen bolup, ähli ugurlarda merkezden kabul edilen kararlar ýerine ýetirilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri Balkan welaýatynda aýal-gyzlaryň ulag eýeçiligine degişli ýaş çäklendirmesiniň maý aýynyň başlarynda güýjürgändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, bu ýagdaýa aýakdaş, maýyň başyndan bäri köçelerde polisiýa gözegçiligi hem güýçlenýär.

Sürüjilik şahadatnamalary ýöriteläp barlanýar

“Ulag dolandyrýan aýal-gyzlar polisiýa tarapyndan ýörite saklanyp, olaryň sürüjilik şahadatnamalary içgin barlanýar” diýip, bir sürüji aýdýar.

“Goragy güýçli bolmadyk aýallaryň ulaglary jerime duralgalaryna alnyp gidilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda has ýokary wezipelerde tanşy bolan adamlar ‘goragy güýçli adamlar’ hasaplanýar.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde soňky wagtlarda köçelerde ulag dolandyrýan zenanlara gözegçiligi güýçlendirmegiň özleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenýändigini aýdýar.

“Her gün irden zenan sürüjileri saklap, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ýöriteläp barlamak barada ýokardan görkezmeler berilýär. Bu ýol gözegçiligi gullugynyň täze wezipä bellenen welaýat ýolbaşçysynyň täze talaby bolup durýar. Ol öz garamagyndaky ofiserlerden her gün hökmany suratda aýal-gyzlara ýazylan jerime protokollarynyň getirilmegini talap edýär” diýip, polisiýa işgäri.

“Maňa günde müň protokol getirmäň, ýekeje protokol getiriň, ýöne şol jerime aýal-gyzlara ýazylan jerime bolsun” diýip, ol öz ýolbaşçysyny sitirleýär.

Beýleki bir polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýrybaşga söhbetdeşlikde Milli howpsuzlyk ministrligi, ýa-da ýerli kazyýetler ýaly häkimiýet edaralarynda tanşy bolan aýal-gyzlara, hatda sürüjilik şahadatnamalary bolmasa hem, hiç hili belligiň edilmeýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, ol ýaş çäklendirmesi babatynda hem zenan sürüjileriň ala tutulýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bular barada Balkan welaýat häkimliginden, ýa-da Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň Balkan welaýat şahamçasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda häkimiýetler öňden bäri zenan sürüjilere basyş etmekde, olaryň ulag dolandyrmagyny çäklendirmekde tankyt edilýär. Resmiler halkara hasabatlarda bu maglumatlary ret edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG