Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýiti respirator keselleri ýaýraýar, ilat koronawirus keseliniň alamatlaryndan howatyr edýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Şu günler Balkan welaýatynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri giňden ýaýrap, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde saglyk edaralaryna ýüz tutýan adamlar köpelýär, ýerli ýaşaýjylar koronawirus ýokanjyna meňzeş kesel alamatlaryndan howatyr edýär.

“Türkmenbaşynyň köp ugurly hassahanasynyň kabul ediş we bejeriş bölümlerinde näsaglardan ýaňa, aýak basara ýer ýok” diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy aýtdy.

“Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat hassahanasy hem hassalalary kabul edip ýetişip bilmeýär” diýip, sebit lukmançylyk edarasynyň hünärmeni aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan saglyk işgärleri giň ýaýrap başlan dem alyş ýollarynyň keselleriniň koronawirusyň alamatlaryna meňzeýändigini aýdýarlar.

“Näsaglaryň beden gyzgynlygy ýokarlanýar, üsgülewükden ejir çekýärler. Käbir adamlaryň bokurdagy gyrlyp, sesi çykman galýar” diýip, saglyk hünärmeni anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär we hassalaryň gursakda agyry duýýandyklaryny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Pandemiýä döwri

Türkmenistanda şeýle maglumatlary jemgyýetçilik bilen paýlaşmaklyk lukmanlar üçin aşa ýokary töwekgelçilik döredip bilýär. COVID-19 pandemiýasy döwründe bu ýurtda häkimiýetler koronawirus keseliniň ýekeje hadysasynyň hem resmi görnüşde hasaba alynmandygyny öňe sürdüler.

Ýöne şonda Azatlygyň Radiosynyň saglyk pudagyndaky ynamdar çeşmeleri bu ýurtda azyndan 25 müň adamyň koronawirus keseli bilen aradan çykandygyny aýtdylar.

2019-njy ýylyň ahyrlarynda Hytaýdan uç alyp, bütin dünýä ýaýrap başlan koronawirus keseli 2020-nji ýylyň mart aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan pandemiýa yglan edildi. Munuň yz ýany, dünýäde halkara hereket çäklendirilip, wirusyň ýaýramagynyň öňüne geçmek tagallalarynyň çäklerinde, her bir ýurt öz içinde karantin çärelerini durmuşa geçirip başlady.

Saglyk guramasy 2023-nji ýylyň maý aýynda koronawirus keseliniň halkara derejesinde ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý bolmandygy barada karara geldi, ýöne hiç bir kesel hadysasy hasaba alynmandyk Türkmenistanda aeroportlarda halkara gatnawlardaky ýolagçylardan PCR testlerini talap etmek tejribeleri azyndan 2024-nji ýylyň awgust aýyna çenli dowam etdirildi.

Saglyk barlaglary 'çuň seljerilýär'

Balkan welaýatynda ýüze çykyp başlan koronawirus pisint keselçilik ýerli ýaşaýjylarda alada döredýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan saglyk hünärmeni käbir näsaglardan alnan COVID-19 testleriniň netijesiniň pozitiw görkezendigini, häzirki wagtda goşmaça testler bilen bu ýagdaýyň has takyklaşdyrylýandygyny aýdýar.

“COVID-19 testleriniň netijeleri pozitiw görkezýär. Häzirki wagtda gan barlaglarynyň nusgalary, analizler has çuňlaşdyrylan görnüşde saglyk seljeriş işlerini geçirmek maksady bilen, Aşgabada iberildi. Eger-de bu keseliň COVID-19 keseli bolandygy anyk subut edilse, bejergi işleri hem şoňa görä bolmaly. Käbir kärdeşlerimiz bu keselçilik adaty dümewdir öýdüp, ýa-da bakteriýadyr öýdüp, antibiotik derman serişdelerini ýazýarlar, ol bolmaýar” diýip, hünärmen aýdýar.

“Aşgabada ugradylan saglyk barlaglarynyň netijeleri boýunça şu gün (23-nji maýda) Balkan welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysyna faks arkaly habar ýollarlar” diýip, günbatar welaýatyň saglyk pudagyndan habarly çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler Balkan welaýatynda emele gelen soňky ýagdaýlar, adamlaryň dem alyş ýollarynda köpçülikleýin ýüze çykýan ýokançlyk barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen habarlaşyp, bu mesele boýunça resmi teswir alyp bilmeýär. Bu ugurda 23-nji maýda Aşgabat wagty bilen günüň ikinji ýarymynda edilen yzygiderli synanyşyklar netije bermedi.

Mekdeplerde sapaklara gatnaşyk 'ymykly peseldi'

Bu welaýatdaky çeşmelerimiz sebitiň iň iri iki şäherinde, Balkanabatda we Türkmenbaşyda şu günler keselçilik sebäpli okuwçy ýaşlaryň sapaklara gatnaşygynyň ymykly peselendigini aýdýarlar.

“Üstümizdäki okuw ýylynyň tamamlanmagyna bary-ýogy on gün çemesi wagt galdy, ýöne häzirki wagtda mekdeplerde okuwçy ýaşlaryň sapaklara gatnaşygy peseldi, her klasda sanlyja okuwçy sapaga gelýär” diýip, birnäçe türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

“Kesel ýokaşan okuwçylaryň tas ýarysy ýa öýlerinde, ýa-da hassahanalarda bejergi alýarlar” diýip, olar belleýär.

Ýerli saglyk hünärmeni, eger-de, bu ýokanjyň koronawirus keseli bolandygy anyklansa, onda näsaglaryň karantin şertleriniň hem berjaý edilmelidigini, olaryň azyndan 12 gün möhlet bilen özlerini üzňeleşdirmelidiklerini aýdýar.

Türkmenistanda koronawirus keselini garşy sanjym kabul eden raýatlar boýunça iň soňky statistikalar jemgyýetçilige äşgär edilmeýär.

“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, her bir türkmenistanly saglygy goraýyş kömegini almaga, saglygyny barlatmaga, şeýle-de öz saglyk ýagdaýy barada doly we ygtybarly maglumatlary kabul edip almaga hukuklydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG