Soňky on günüň dowamynda Aşgabatdaky ýaşaýyş jaý toplumlarynyň howlularynda ýasly hojalyklar köpeldi, ýakyn garyndaşlaryny ýitiren adamlar türkmençilige eýerip, merhumyň belli günlerinde pata gelýänlere saçak ýazýarlar diýip, Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky habarçysy habar berýär. Ýasly hojalyklaryň birden köpelmegi, lukmanlaryň pikiriçe, howanyň aşa gyzmagy, dymyk bolmagy bilen bagly bolup görünýär. Emma bu meselede resmi düşündiriş alyp bolmaýar. Söhbetdeşlerimiz Zähmet kodeksiniň kepillendirmeleriniň kagyz ýüzünde galýandygyny aýdýarlar.
“...golaý garyndaşyndan jyda düşüp, matam tutýan, merhumyň belli günlerini edýän hojalyklar köpeldi. Olaryň garyndaşlary, tanyşlary gelip, duýgudaşlyk bildirip, merhumyň ruhyna aýat okadyp gidýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy bu habary tassyk etdi. Ol lukmanlaryň ölüm hadysalarynyň köpelmegini paýtagtda dowam edýän yssy we dymyk howa bilen baglanyşdyrýandygyny hem sözüne goşdy.
Ýurtdaky ölüm hadysalary 'gizlin' saklanylýar
Ölüm habarlarynyň metbugatda çap edilmeginiň tasdan doly gadagan edilmegi, saglyk resmilerinden açyk düşündiriş almak mümkinçiliginiň bolmazlygy soňky on günde yssy howa sebäpli lukmanlara ýüz tutan ýa-da heläk bolan adamlaryň sanyny anyklamaga ýol bermeýär. Emma ýas ýerlerinde aýat-töwirden soň edilýän gysga gürrüňler, adamlaryň soňky günlerde görnen, görünmeli ýerleriniň köpelendigi barada aýdýan sözleri ilat arasynda artan aladalary tassyk edýär.
“Howanyň yssylyk derejesi adam saglygyna howp salýan derejä ýetende, zähmeti goramak düzgünlerine laýyklykda, işi ýatyrmak ýa-da gijeki iş tertibine geçmek usullary ulanylmaly. Emma hökümet bu hili ýagdaýlara kän üns bermeýär, görülmeli çäreleriň görülmezligi köp adamyň wagtyndan ir ölmegine getirýär” diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşuly howanyň aşa gyzýan günlerinde her ýyl diýen ýaly ölüm habarlarynyň gürelýändigini hem sözüne goşdy.
Onuň pikiriçe, yssy howada, açyk meýdanda işleýän işçileriň, ýakyp barýan günüň aşagynda başaçyk gezýän adamlaryň, çagalaryň kellesinden gün geçmegi, gün urmagy sebäpli döreýän ýagdaýlar hemme kişä diýen ýaly belli, ýöne jemgyýetde bu meseleler barada kän gürrüň edilmeýär.
Anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe saglyk işgäriniň öz tejribelerine salgylanyp aýtmagyna görä, gün urmagy, teşnelik, adam organizminiň guramagy netijesinde huşundan giden adamlara lukmanlar hem kän kömek edip bilmeýärler. Olara käte ilkinji kömegi hem berip ýetişmän, elinde amanadyny tabşyran näsagyň ölümini tassyklamak galýar.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş wagtynda ýa-da iş bilen baglanyşykly zyýan çeken adamlara degişli döwlet kömegi berilýär. 155-nji maddadan sitata: “1. Önümçilikde betbagtçylykly hadysa ýa-da hünär keseli netijesinde işgäriň saglygyna zeper ýetende ýa-da işgär aradan çykanda işgäre (onuň maşgalasyna) ýitiren zähmet hakynyň (girdejisiniň), şeýle hem saglygyna zeper ýetenligi bilen baglanyşykly lukmançylyk, durmuş we hünär taýdan saglygyny dikeltmek üçin goşmaça çykdajylar ýa-da işgäriň aradan çykmagy bilen baglanyşykly degişli çykdajylar tölenilýär.” Sitatanyň soňy.
"Adamlara kanunda göz öňünde tutulan kömekler berilmeýär"
Emma habarçymyz Aşgabatda yssy howa sebäpli ýogalan adamlaryň garyndaşlaryna kanunda göz öňünde tutulan kömekleriň berilmeýändigini aýdýar.
“...jesedi topraga tabşyrmakda we munuň bilen baglanyşykly çykdajyly däp-dessurlary berjaý etmekde ýerli we merkezi hökümet pul kömegini we maddy goldaw bermeýär, hojalyklar öz başlaryny özleri çaramaly bolýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, goly ýuka maşgalalar däp-dessurlary berjaý etmek üçin golaý garyndaşlaryndan karz alyp, merhumy soňky ýoluna ugradýarlar we onuň üçüni, ýedisini, kyrkyny sowýarlar.
“Merhum gurply hojalyklardan bolsa, ýasa gelýän adamlaryň sany ýüzlerçe adamdan hem geçýär. Eger merhum we onuň hojalygy pukara bolsa, gelýän adam az bolýar. Beýle ýagdaýda, ýasyna gelýänleriň sany ona ýetmeýän hojalyklar hem az däl.”
Aşgabatly söhbetdeşimiz ýasly we maddy mätäçlik çekýän hojalyklara ne hökümetiň, ne-de dini guramalaryň kömek edýändigini, şol bir wagtda dindarlaryň käbiriniň “namaz okamaýan hojalyklara maddy ýardam bermek şerigata laýyk gelmeýär” diýip gürrüň edýändigini, adamlara namaz okamaýan hojalyklaryň ýasyna barmazlygy ündeýändigini aýtdy.
Ýurt resmi maglumat almak üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum