Kiýew bilen Moskwanyň arasynda üç ýylda geçirilen ilkinji göni parahatçylyk gepleşikleri we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda geçirilen uzyn telefon söhbetdeşligi, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň töwereginde güýçlenen diplomatiýa tagallalary şu hepdäniň başynda netijesiz tamamlandy.
Ukraina bilen Günbatar tarapyndan kesgitlenen esasy maksat, 30 günlük ýaraşyk baglaşmak, atyşygy bes etmek synanyşygy başa barmady.
Rus hüjümleri gepleşikleriň dowamynda we ondan soň hem dowam etdi, Ukraina bolsa, gepleşiklerden soň Russiýadaky goranyş senagaty nyşanalaryna pilotsyz uçar zarbalaryny urdy.
Putin bilen iki sagat dowam eden söhbetdeşliginden soň, Tramp wezipä girişeli bäri geçen dört aýdan soň sosial ulgamda çap eden ýazgysynda Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak boýunça edýän araçylyk tagallalaryndan yza çekilmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol öz saýlaw kampaniýasy döwründe bu urşy bir ýa-da iki günüň içinde durzup biljekdigini aýdypdy.
Indi näme bolar?
Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşunyň dördünji ýylyna geçmegi bilen, Azatlyk Radiosy bu meselede nämä syn etmelidigini we ugruň haýsy tarapa boljakdygyny öwrenmäge çalyşýar.
Has köp gepleşik geçirilermi? Memorandum?
Tramp 19-njy maýda Putin bilen eden telefon gürrüňinden soň "Truth Social" platformasyndaky ýazgysynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda "atyşygy bes etmek, iň esasysy bolsa, urşuň bes edilmegi" baradaky gepleşikleriň "derrew" başlanjakdygyny aýtdy. ol Watikany gepleşikleriň geçirilmegi mümkin boljak ýer hökmünde agzap, "Goý, proses başlansyn!" diýdi.
Täze duşuşyk barada ne Kiýewden, ne Moskwadan ses çykdy, emma Finlandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb 21-nji maýda taraplaryň indiki hepde, ähtimal Watikanda "tehniki derejeli gepleşikleri" geçirjege meňzeýändigini aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti, 19-njy maýda Tramp bilen telefonda gürleşen Wolodymyr Zelenski hem ertesi gün "Ukraina netije berýän islendik gepleşik formatyna taýyn", ýöne "eger-de Russiýa real däl şertleri öňe sürmegini we ilerlemäni bökdemegini dowam etdirse, bu ýerde agyr netijeler bolmaly" diýdi.
Russiýa şu wagta çenli özüniň düýpli eglişik etmäge taýýardygyny aňladýan hiç bir yşarat görkezmedi. Has anygy, öňden bäri aýdyp gelýän zatlaryny aýdyp, Moskwa köplenç ters alamat görkezdi we Ukrainanyň kabul ederliksiz diýip atlandyrýan pozisiýalaryny gaýtalady.
Tramp bilen geçirilen gepleşikden soň eden çykyşynda Putin urşuň "düýp sebäplerini" ýok etmek zerurlygy baradaky mantrany gaýtalady, Russiýanyň bu urşy hiç bir sebäpsiz başlandygyna garamazdan, bar günäni diňe Kiýewiň we Günbataryň üstüne atjak bolmagyny dowam etdirdi.
Tramp gepleşikleriň derhal başlanmagy barada gürrüň etse, Putin ünsi Trampyň agzamadyk bir zadyna gönükdirdi we eger-de, we, ýöne diýen ýaly sözleri ulanyp, analitikleriň pikiriçe, Putin ýaraşyk meselesini haýallatmaga, yza çekmäge çalyşdy. Şu aralykda, Moskwa has köp esger toplamaga, has köp ýarag edinmäge we özüniň söweş meýdanyndaky ornuny has berkitmäge çalyşýar.
Onuň sözlerine görä, Russiýa, "meselem, çözgüt ýörelgeleri, mümkin bolan parahatçylyk şertnamasynyň möhleti we beýlekiler ýaly birnäçe pozisiýany kesgitlemek arkaly, Ukraina tarapy bilen geljekde bolup biljek parahatçylyk şertnamasy baradaky memorandum üstünde işlemäge taýýar".
Derhal ýaraşyk baglaşylmagyndan ýüz öwürmegi dowam etdirip, ol çözgüde getirjek ädimleriň "degişli şertnamalar baglaşylsa, atyşygyň belli bir wagta çenli bes edilmek mümkinçiligini" öz içine alyp biljekdigini aýtdy.
Zelenski ikitaraplaýyn memorandumyň mümkinçilik bolup biljekdigini, ýöne haýsydyr bir karara gelmezinden öň, Ukrainanyň Russiýanyň näme teklip edýändigini görmelidigini aýtdy.
‘Çatak mesele’
Gepleşikleriň ýagdaýy nähili bolsa-da, ilerleme üçin birnäçe uly päsgelçilik bar we olaryň biri territoriýa bolup durýar.
Analitikler köplenç Russiýanyň esasy maksady ýer, toprak garbamak däl diýýärler, Putiniň hakyky isleýän zady Ukrainany boýun egdirmek, Krymdan we Donbasyň bir böleginden başga, ýurt we onuň hökümeti Russiýa bilen dostlukly hem-de Moskwanyň berk gözegçiliginde bolsa, rus lideriniň islendik ýer bölegi bilen kanagatlanjakdygyny öňe sürýärler..
Putiniň öz giň gerimli çozuşyny aklamak üçin ulanan şikaýatlarynyň bir bölegi Günbataryň Ukrainany “Russiýa garşy” bolan ýurda öwrendigi barada aýdýanlaryndan ybarat, emma köpler muny Putiniň 2014-nji ýylda Krymy basyp almak we 2014-nji ýylda Donbasda jeň gurmak, 2022-nji ýylda bolsa giň gerimli urşa başlamak bilen, hut özüniň edendigini aýdýarlar.
Her näme-de bolsa, häzire çenli, Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky iň anyk oňuşmazlyk nokady territoriýa bolup görünýär.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Putin Ukrainanyň dört sebitiniň - Donetsk, Luhansk, Zaporižýa we Herson oblastlarynyň Russiýa degişli bolandygyny esassyz öňe sürdi. Rus güýçleri şol döwürde bu sebitleriň diňe käbir bölegine gözegçilik edýärdi we bu häzirem şeýle.
Emma, ukrain resmileriniň anonimlik şertinde gürleşip, bir topar metbugat wekiline aýtmaklaryna görä, Stambuldaky rus delegasiýasy Ukraina şol sebitlerden goşunlaryny çykarýança atyşygyň bes edilip bilmejekdigini aýdypdyr we Kiýewiň bu sebitleriň Russiýa degişlidigini halkara derejesinde ykrar etmegini talap edipdir.,
Ukraina bu talaplary kabul ederliksiz diýip atlandyrdy we Zelenski şu hepde Kiýewiň öz topraklarynyň çägindäki goşunlaryny hiç ýere çykarmajakdygyny gaýtalady.
Makala gysgaldylyp çap edilýär.
Forum