Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar we tomusky dynç alyş meselesine has jogapkärçilikli çemeleşmeli - pedagog


"Gurtly" köli
"Gurtly" köli

Tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlamagy bilen, türkmen häkimiýetleri çagalary, ýetginjekleri suw heläkçiliginden goramak ugrunda edýän tagallalaryny güýçlendirip başladylar. Ýöne, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, bu meselede hem aýdyňlyk ýok we berk gözegçilik, döwlet senzurasy astynda işleýän žurnalistler derýalarda, içerki ýaplarda gark bolýan ýaşlar barada açyk maglumat berip bilmeýär. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň her ýyl tomus düşündiriş işlerini geçirmegi bu meseläniň näderejede çynlakaýdygyny yşarat edýär.

Türkmenabat şäheriniň polisiýa işgärleri şu günler mekdep mugallymlaryndan okuwçylar bilen düşündiriş işlerini geçmegi, çagalara dynç alyş möwsüminde şäher ýaplarynda we aryklarda suwa düşmezligi tabşyrmagy talap edýärler diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hakykatda bu iş, degişli düşündiriş işleriniň geçirilmegi welaýat polisiýasynyň ýetginjekler bilen iş salyşýan işgärleriniň wezipesi bolup, olar öz wezipe-borçlary üçin aýlyk alýarlar. Şol bir wagtda-da, etmeli işlerini etmän, oturan ýerlerinden jaň edip, öz işlerini mugallymlaryň üstüne ýükleýärler. Bu aýdylýanlary anonimlik şertinde gürleşen mugallymlar hem tassyk etdi.

Türkmenabat şäheriniň 15-nji mekdebiniň mugallymynyň Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, degişli etrapça jogap berýän polisiýa işgäri golaýda mekdep direktoryna jaň edip, mugallymlaryň okuwçylar bilen düşündiriş işlerini geçirmeklerini tabşyrdy.

'Mugallymyň öz işi hem ýetik'

“Mekdepler aslynda baş bilim müdirliginiň we welaýat häkimliginiň görkezmeleri astynda işleýär. Polisiýa işgärleriniň jaň edip, mugallymlara öz etmeli işlerini buýurmaga haky ýok. Mugallymyň öz işi hem ýetik...” diýip, anonimlik şertinde gürleşen pedagog kärdeşleriniň bu ýagdaýdan nägileligini bildirdi.

Sebit merkeziniň çäginde birnäçe ýap we aryk bolup, mekdep okuwçylary tomsuň jöwzaly günlerinde köplenç şäheriň 3-nji kwartaly bilen 2-nji etrapçasyny kesip geçýän, il arasynda “Bäşaryk” diýlip atlandyrylýan uly arykda, il arasynda “Zaton” diýilýän ýapda, “Derýaçylar” etrapçasyny kesip geçýän Amyderýa akabasynda suwa düşýärler.

Bu ýaplaryň, aryklaryň boýunda “Suw düşmek gadagan” diýen ýazgylar bolup, olar öňki ýyllarda gark bolan, jesetleri suwdan tapylan ýaş çagalaryň pajygaly ykbalyny ýatladýar. Emma yssy günler gelende, ol ýazgylara seredýän çaga ýok diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.

“Maý aýynyň ortalaryndan başlap, howanyň temperaturasy 35 gradusdan geçenden soň, adatça, bu aryklaryň ýanynda polisiýa işgärleri gözegçilige goýulýar. Emma howa yssy bolansoň, patrul günüň aşagynda, durmaly ýerinde durmak islemeýär we çagalar bu ýagdaýdan peýdalanyp, düşmesiz ýerde suwa düşýärler” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Çagalar we ykdysady deňsizlik

“Aryklarda, ýaplarda suwa düşýän çagalaryň aglabasy eli ýuka maşgalalardan... Olar tomsuň yssysynda diňe şeýdip, ýaplaryň boýunça dynç alýar. Gurply maşgalalaryň çagalary kurortlara gidýär. ...bu biçäreler bolsa, tomsuna işleýärler” diýip, radionyň söhbetdeşi çagalar baradaky aladanyň ykdysady tarapyna ünsi çekdi.

Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky stadionda, Kastanowada, S.A. Nyýazow koçesindäki “Suw toplumy” sport merkezlerinde ýörite suw howdanlary bar, emma olar hemme çaga üçin elýeterli däl diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýetginjekler, ene-atalar aýdýarlar.

“Kastandowadaky stadionda basseýniň 1 sagadynyň bahasy 10 manat. Ýanyň bilen pasportyňy ýa-da metirkäňi [doguş hakynda şahadatnama] eltmeli. Iň gowusy aryga ýa-da zatona gidenimiz gowy” diýip, 15-nji mekdebiň 6-njy synp okuwçysy aýtdy.

15-nji mekdebiň 9-njy klas okuwçysynyň tassyklamagyna görä, çagalaryň dynç almaklary meselesinde deňlik ýok, wezipeli adamlar ýa-da güýç edaralarynyň işgärleri, tanyşlary üçin elýeterli bolan basseýn ýönekeý adamlaryň çagalaryna ‘ýetmeýär’.

“Suw toplumyna ýöne baryp suwa düşüp bolanok. Ol ýerde ýörite sport toparlaryna ýazylmaly. Emma “başlyklar” we olaryň tanyşlary arkaýyn içine girip, basseýnde suwa düşýärler. ... “keýp” çekýärler.”

Çagalary goramaga 'has jogapkärçilikli çemeleşmeli'

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty her ýylyň tomsunda çagalaryň gowy dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini habar berýär. Emma bu, Ýewropada ýaşaýan öňki pedagogyň pikiriçe, sowet döwründen bäri lenç edilen propaganda.

“Mekdep mugallymlary, öz gezeklerinde, her okuw ýylynyň ahyrynda okuwçylara, düşündiriş işi hökmünde, degişli temalardan diktant ýazdyrýarlar, emma bu meseläni çözmeýär, häkimiýetler, metbugat çagalar we tomusky dynç alyş möwsümi meselesine täzeçe, beýleki ýurtlardaky gowy tejribeler esasynda, has jogapkärçilikli çemeleşmeli” diýip, öňki dil-edebiýat mugallymy Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG