Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 ýurtlary Russiýa garşy sanksiýa basyşyny güýçlendirmegi wada berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen G7 toparyna girýän döwletleriň maliýe ministrleri we merkezi banklarynyň ýolbaşçylary Russiýa garşy sanksiýa basyşyny dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Moskwa Kiýew bilen ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşyga gelmedik halatynda, G7 “basyşy iň ýokary derejä ýetirjekdigini” mälim etdi. Bu barada paýlaşylan resmi beýannatda aýdylýar.

Oňa görä, Russiýany goldaýan ýa-da onuň uruşyny maliýeleşdirýän ýurtlaryň Ukrainanyň uruşdan soňky täzeden gurulmagyna gatnaşmagyna ýol bermejek ýörite mehanizm işlenip düzüler. Maliýeleşdirmek bilen anyk nämäniň göz öňünde tutulýandygy anyklaşdyrylmaýar. G7 ýurtlarynyň köpüsi henizem Russiýadan energiýa serişdelerini satyn almagy dowam etdirýär.

Geçen ýyl geçirilen şuňa meňzeş duşuşykda kabul edilen beýannatda Hytaý bilen Demirgazyk Koreýanyň Russiýany goldamagy berk tankyt edilipdi. Bu ýylky dokumentde bolsa, bu kontekstde anyk ýurtlar agzalmaýar. Şeýle-de bolsa, ministrler Russiýanyň Ukrainadaky “wagşyçylykly urşuny” ýazgarýandyklaryny we ukrain halkynyň gaýduwsyzlygyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.

XS
SM
MD
LG