Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Türkmenistandan wizasyz düzgün meselesi boýunça jogap garaşýar


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew (arhiw suraty)

Gazagystanyň daşary işler boýunça wise-ministri Alibek Kuantyrow Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda wizasyz düzgüni girizmek mümkinçiligi baradaky pikiri orta atdy diýip, NUR.KZ neşiri 21-nji maýda habar berdi.

Şol gün Mejlisde “Maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky ylalaşyk” ratifikasiýa edildi we Senatyň garamagyna ugradyldy.

Maslahatyň dowamynda deputat Serik Ýerubaýew wiza talap edilmeýän düzgünleriň daşary ýurt maýadarlary üçin oňaýly we çaklap bolýan gurşawy döredýändigini aýtdy.

“Belli bolşy ýaly, Türkmenistan Gazagystanyň raýatlary üçin wiza talap edýän döwletdir. Atyrau we Mangistau welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan raýatlar, bäş günden köp bolmadyk möhlet bilen, wizasyz girip bilýärler. Bu nukdaýnazardan, wiza talap edilmeýän düzgün göz öňünde tutulýarmy?” diýip, Ýerubaýew sorady.

Alibek Kuantyrow agzalan ylalaşygyň 2001-nji ýylda baglaşylandygyny, emma soňra onuň göz öňünde tutýan wizasyz giriş hukugynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

“2016-njy ýyldan başlap Türkmenistan tarapyndan bu mümkinçilik togtadyldy. Şol sebäpli Daşary işler ministrligine şikaýatlar gelip gowuşýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana eden saparynyň dowamynda bu meseläni gozgady we ol çözüldi” diýip, ol aýtdy.

“Biz hereket edýän ylalaşyga degişli üýtgetmeleri taýýarladyk. Ýakynda Astanada degişli konsullyk geňeşmeleri geçirildi. Indi biz bu meseläniň çözgüdi boýunça Türkmenistandan tekliplere garaşýarys. Olar degişli edaralar we ministrlikler bilen bu meseläni öwrenýärler. Bu mesele gözegçilikde saklanýar” diýip, wise-ministr aýtdy.

Ýatlatsak, Tokaýew Türkmenistana geçen ýylyň oktýabr aýynda sapar edipdi, we onuň çäginde 20-den gowrak resminama gol çekilipdi.

XS
SM
MD
LG