Waşingtonda Ysraýylyň ilçihanasynyň iki işgäri öldürildi

Waşingtonda Ysraýylyň ilçihanasynyň işgärleriniň öldürilen raýony. 21-nji maý

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda Ysraýylyň ilçihanasynyň iki işgäri atylyp öldürildi. Wakanyň Amerikan Ýewreý Komiteti (AJC) tarapyndan gurnalan çärä gatnaşanlarynda, Ýewreý muzeýiniň binasyndan çykyp barýarka bolup geçendigi habar berilýär. Ysraýylyň ABŞ-daky ilçisi Ihiýel Leýteriň aýtmagyna görä, öldürilen jübüt indiki hepde nişanlanmagy meýilleşdirýärdi.

Atyjy tussag edildi. Polisiýanyň maglumatyna görä, ol 30 ýaşyndaky Elýas Rodriges bolup, palestin tarapdary aktiwist hem-de çepçi maoistik “Chicago Chapter” toparynyň agzasy hökmünde tanalýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu wakadan soň “Truth Social” sosial ulgamynda ýazgy galdyryp, onda: “Waşingtonda bolup geçen, açyk-aýdyň antisemitizme esaslanýan bu elhenç adam öldürmeler dessine bes edilmeli. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýigrenje we radikallyga ýer ýok. Pida bolanlaryň maşgalalaryna çyn ýürekden gynanç bildirýärin. Şeýle wakalaryň ýüze çykmagy gaty gynandyryjy” diýip belledi.