Ukraina Russiýanyň birnäçe sebitine dronlar bilen hüjüm etdi

Illýustrasiýa suraty

22-nji maýa geçilýän gije Ukraina Russiýanyň dürli künjeklerine dronlar bilen hüjüm etdi. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň 10 regionynyň üstünde jemi 105 dron ýok edilipdir. Emma näçesiniň nyşana ýetendigi barada anyk maglumat berilmedi.

Resmi beýanatda haýsy desgalaryň hüjüme sezewar bolandygy hem aýdylmaýar.

Uly göwrümli weýrançylyklar barada habar berilmedi. Russiýanyň merkezi sebitlerinde käbir raýat aeroportlarynyň işi wagtlaýyn togtadyldy.

Bu aralykda, Ukraina öten agşam Russiýanyň 128 dron bilen hüjüm edendigini, olaryň 112-siniň ýa urlandygyny, ýa özünden synandygyny mälim etdi.