Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet

Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany ýaňy-ýakynda Türkiýede ‘professor’ ylmy adyny alan asly türkmensähraly sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory Abdyrahman Düýeji bilen türkmenleriň ýaşaýyş medeniýeti barada geçirilen söhbetdeşligiň ikinji bölümini diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär.

Biz geçen gepleşigimiziň başynda türkmen alymynyň ylym basgançaklarynda öz geçen ýoly, onuň üstünligiň açary barada ýaş alymlara berýän maslahatlary barada gürrüň etdik.

Gepleşigiň galan bölegi onuň dürli döwürlerde çap eden käbir makalalary, hususan-da türkmen halk döredijiliginde Dädem Gorkut, türkmenleriň ýaşaýyş giňişliginde çadyrlar, gara we ak öýler ýaly mowzuklar barada boldy.

Şol söhbetdeşlik galan ýerinden dowam edýär. Bu gepleşikde türkmenleriň köne döwürlerdäki çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy ýaly mowzuklarda gürrüň gozgalýar.

Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet