Täjigistanda sosial mediada “like” we paýlaşmalar üçin jenaýat jogapkärçiligi ýatyryldy

Illýustrasiýa suraty

14-nji maýda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurduň Jenaýat kodeksinden sosial ulgamlarda galdyrylýan reaksiyalar, şeýle hem “like” we paýlaşmalar üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan düzgünleri aýyrýan kanuna gol çekdi.

Şeýlelikde, ýurt birnäçe ýyllap Täjigistanyň öz içinde hem-de halkara hukuk goraýjy guramalar tarapyndan tankytlanan amaldan resmi taýdan ýüz öwürdi diýip, Azatlygyň Täjik gullugy, Radio Ozodi belleýär.

Üýtgetmeler terrorçylyga açyk çagyrmak we terrorçylygy internetde aklamak ýaly ýagdaýlar boýunça jezany göz öňünde tutýan maddalara degişli. 2018-nji ýyldan bäri Internet ulanyjylary hatda iň kiçi hereketler, şol sanda “like” goýmak ýa-da paýlaşmak ýaly işler üçin hem jogapkärçilige çekilip, 10-15 ýyl aralygynda türme jezasyna höküm edilip bilinýärdi.

Täjigistanyň Baş prokurorynyň birinji orunbasary Umed Karimzodanyň beren maglumatyna görä, häzirki wagtda Täjigistanda sosial ulgamlarda ýazylan teswirler we goýlan reaksiyalar üçin 1 müň 500-den gowrak adam türme jezasyny çekýär.

Jenaýat jogapkärçiliginiň ýatyrylmagyny prezident Rahmonyň özi hödürläpdi. 2024-nji ýylyň ýazynda ol hukuk goraýjy edaralary bu düzgünleriň aşa giňden ulanylmagy üçin açyk tankyt edipdi.