Russiýa bilen Ukraina geçen hepde Stambulda geçirilen gepleşiklerde “müňe-müň” formulasyna laýyklykda ýesir alyş-çalşygy boýunça gazanylan ylalaşyk bilen baglylykda, degişli sanawlary birek-birege gowşurdylar.
22-nji maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewiň Russiýanyň taýýarlan sanawyny alandygyny habar berdi. “Türkiýede geçirilen duşuşykda gazanylan tas ýeke-täk hakyky netijeleriň biri, bu Russiýanyň tussaglygyndaky müň raýatymyzyň boşadylmagy baradaky ylalaşyk boldy. Indi muny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýarys” diýip, Zelenski Telegram sahypasynda ýazdy.
Şol günüň dowamynda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň hem ukrain tarapynyň taýýarlan sanawyny alandygyny tassyklady.
Bu meýilleşdirilýän ýesir alyş-çalşygy Russiýanyň Ukraina garşy 2022-nji ýylyň fewralynda başladan doly göwrümli urşundan bäri iň uly çalşyk bolup biler. Alyş-çalşygyň haçan geçiriljekdigi häzirlikçe anyk däl.