Rumyniýanyň Ýokary kazyýeti Russiýa tarapdar dalaşgär Simionyň saýlaw netijelerine garşy “esassyz” şikaýatyny ret etdi

Nikuşor Danyň goldawçylary 18-nji maýda onuň prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňşini gutlaýarlar.

Rumyniýanyň Konstitusion kazyýeti geçen hepde geçirilen prezident saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmak baradaky aşa-milletçi dalaşgär Jorje Simionyň şikaýatyny biragyzdan ret etdi we onuň ýüz tutmasynyň “esassyzdygyny” aýtdy.

Simion, saýlawlarda ýeňleninden soň, Fransiýa ýaly daşary ýurt döwletleriniň Moldowa arkaly “ses satyn alandygyny” öňe sürüp, sesleriň galplaşdyrylandygyny aýtdy, ýöne munuň bilen baglanyşykly hiç hili subutnama hödürlemedi. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýewropa tarapdar merkezçi syýasatçy, Buharestiň häkimi Nikuşor Dan 54%-e golaý ses alyp ýeňiş gazanypdy.

Konstitusion kazyýet 22-nji maýda beren beýanatynda, özüne “saýlaw düzgünleriniň berjaý edilişini barlamak ygtyýarlyklarynyň çäginde” dalaşgär Simionyň 18-nji maýdaky saýlawyň ikinji tapgyrynyň netijelerini ýatyrmak baradaky ýüzlenmesini derňändigini we onuň “esassyz bolany üçin biragyzdan ret edilendigini” mälim etdi.

Rumyniýa geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri syýasy dartgynlylygy başdan geçirýär. Şonda geçirilen saýlawyň birinji tapgyrynda Russiýa tarapdar dalaşgär hökmünde görülýän Kalin Jorjesku garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanypdy.

Emma häkimiýetler, onuň dalaşgärligini goldamak maksady bilen Russiýanyň saýlawlara täsir etmek synanyşyklarynyň ýüze çykarylandygyny aýdyp, ses berişligiň netijelerini ýatyrdylar. Jorjesku gaýtadan geçirilen saýlawlara gatnaşmakdan çetleşdirildi we täze saýlawlar üçin birnäçe täze düzgünler girizildi. Şol saýlawlaryň birinji tapgyry 4-nji maýda geçirildi.

Nikuşor Danyň 18-nji maýdaky saýlawda ýeňiş gazanmagy hem garaşylmadyk ýagdaý boldy, sebäbi ol geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen ilkinji saýlawda dalaşgär bolup çykyş etmändi we golaýda Buharestiň şäher häkimligine ikinji möhlet üçin saýlanypdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň açyk goldawçysy hökmünde çykyş edýän we “Rumynlaryň birleşigi üçin alyans” (AUR) partiýasynyň lideri bolan Simion, Rumyniýanyň Moldowa bilen birleşdirilmegini hem-de Ukraina berilýän harby kömegiň bes edilmegini talap edýär.

Joşgunly çykyşlary bilen tanalýan Simion, öň futbol huliganlarynyň arasynda aktiw rol oýnandygy bilen hem tanalýar. Onuň 2024-nji ýylda Kiýew tarapyndan “ulgamlaýyn antiukrain hereketleri” üçin diýen kesgitleme bilen üç ýyllyk möhlet bilen Ukraina girmegi gadagan edilipdi. Moldowa hem ony milli howpsuzlyga abanýan howp hökmünde häsiýetlendirip, ýurda girmegini gadagan etdi.