Şu ýyl Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 21 müň 353 uçurym orta mekdepleri tamamlar. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär.
21-nji maýda “Türkmenistanyň altyn asyry” resmi websaýtynda “Okuw ýyly üstünlikli jemlenýär” at bilen çap edilen makalada diňe ýurduň gündogar welaýaty boýunça sanlar berlip, beýleki welaýatlar boýunça görkezijiler agzalmaýar.
Onda öňümizdäki okuw ýylynda gündogar welaýatyň orta mekdeplerine 24 müň 230-dan gowrak täze okuwçynyň kabul ediljekdigi bellenilýär.
Maglumatda Lebapda umumybilim berýän orta mekdepleriň 397-siniň hereket edip, olarda mugallymlaryň 21 müň 640-a golaýynyň 337 müň 190-dan gowrak okuwça bilim we terbiýe berýändigi aýdylýar.