Gazagystanyň Mejlisiniň deputatlary ýurtda nikalaşmaga mejbur etmek bilen baglylykda jenaýat jogapkärçiligini girizmek meselesine garaýarlar.
Deputat Murat Abenowyň 14-nji maýda žurnalistlere beren maglumatynda: “Bu ýerde üç ugur bolar. Birinjisi – jerime. Has çylşyrymly ýagdaýlarda, meselem, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gatnaşmagynda, güýç ulanmak bilen ýa-da toparlaýyn amala aşyrylan ýagdaýlarda – bu jenaýat jogapkärçiligi bolar. Şeýle ýagdaýlarda 5-7 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar” diýip belledi.
Deputatyň sözlerine görä, soňky üç ýylyň dowamynda “gelin ogurlamak” bilen baglanyşykly kanun goraýjy edaralara 214 arza gowşup, olaryň diňe 10-sy kazyýete ýetipdir. Galan ýagdaýlarda işler, zenanlaryň özleriniň ogurlanandygy, zorluk görkezilendigi baradaky subutnamalaryna garamazdan, “jenaýat düzüminiň ýoklugy sebäpli” ýapylypdyr.
Gazagystanda gelin ogurlamak bilen baglanyşykly resmi statistika ýöredilmeýär. Hakykatda bu ýagdaýlaryň has köp bolmagy mümkin, sebäbi pidalar köplenç polisiýa ýüz tutmaýarlar, şeýle işler suda seýrek ýetýär.