Makedoniýanyň paýtagtyny özgertmek boýunça işler dowam edýär. "Skopýe-2014" proýektiniň çäginde täze hökümet binalary, muzeýler, taryhy şahsyýetleriň heýkelleri galdyrylýar.
Skopýe: Neoklassik özgertmeler

1
Gurluşygy dowam edýän täze konsert zaly (sagda) we ýakynda bina edilen prokoraturanyň we maliýe polisiýasynyň binalary (ortada).

2
Beýik Aleksandryň ejesi Olimpiýanyň hatyrasyna bina edilen bürünç fontan.

3
Makedoniýanyň hökümeti "Skopýe-2014" proýektiniň 208 million ýewro durjakdygyny aýdýar. Emma syýasy oppozisiýa harçlanýan pullaryň görkezilen sanlardan iki esse dagy köpdügini öňe sürýär.

4
Wardar derýasynyň üstünden geçýän täze köpri. Onuň töwereginde Makedoniýanyň medeniýetinde yz galdyran şahsyýetleriň heýkelleri hem oturdyldy.